Aziýa Ösüş Bankynyň “Merkezi Aziýa Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlyk (CAREC)” Maksatnamasynyň Çäklerinde Portlar We Logis

Aziýa Ösüş Bankynyň “Merkezi Aziýa Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlyk (CAREC)” Maksatnamasynyň Çäklerinde Portlar We Logis

     2021-nji ýylyň 18-nji fewralynda CAREC maksatnamasynyň çäklerinde portlar we logistika boýunça ylmy işiniň deslapky taslamasy bilen tanyşdyrmak, portlar we logistika boýunça integrirlenen çemeleşmesi bilen habardarlygy ýokarlandyrmak we ylmy işiň netijelerini göz öňünde tutup, durmuşa geçirmeli işleriň ugurlaryny kesgitlemek boýunça geçirilen duşuşyga “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we “Deňiz söwda floty” ÝGPJ-niň wekilleri gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň başynda, port we logistika boýunça bilermen, topar ýolbaşçysy Ignasi Ragas ylmy işiň maksady, göwrümi we esasy netijeleri barada gürrüň berdi. Ol öz çykyşynda CAREC maksatnamasynyň çägine girýän ulag-üstaşyr geçelgeleri barada giňişleýin durup geçdi. Soňra okuw maslahatynyň dowamynda port amallary boýunça bilermeni we “AMSTEC Pty Ltd” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Adrian Sammons sebitde ýük akymyny seljermek boýunça çykyşy diňlenildi. Halkara bilermeni öz çykyşynda emeli hemra arkaly gämileriň hereketini yzarlamak arkaly ýük akymyny, ýurtlara düşýän paýyny seljermek we olar barada maglumat ýygnamak boýunça giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de ol öz çykyşynda Hazar deňzinde, Gara deňizde, Arap deňzinde portlaryň arasynda arabaglanşygy (portlaryň arasynda daşalýan ýük, daşalýan ýükleriň görnüşi) deňeşdirdi. Soňra maslahatyň barşynda CAREC maksatnamasyna gatnaşýan ýurtlaryň demirýollary we awto ýollary barada seljerilen maglumatlar paýlaşyldy. Soňra duşuşykda logistikany institusional ösdürmek boýunça maslahatçysy Dawron Hojaýew CAREC maksatnamasyna gatnaşyjy ýurtlarda ulag babatda döwlet syýasaty we bu babatda kabul edilen maksatnamalar barada durup geçdi. Duşuşykda Türkmenistanyň 2011-2030 ýyllar üçin durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasy we Milli ulag syýasaty (2017) barada hem durup geçildi. Soňky ýyllarda ýurdumyzda gurulan Halkara howa menzili, Halkara deňiz porty we köprüler barada aýratyn bellenip geçildi.

Look at these too


     2021-nji ýylyň 21-22-nji sent&yac...

Continued...

     2021-nji ýylyň 6-7-nji awgustynda...

Continued...

   2021-nji ýylyň awgust aýynyň 30-3...

Continued...

          2021-nji ýylyň 2-4...

Continued...

    2021-nji ýylyň 12-nji aprelinda “...

Continued...
Icon