Merkezi Aziýa Ýurtlarynyň Halkara Sergisi

Merkezi Aziýa Ýurtlarynyň Halkara Sergisi

     2021-nji ýylyň 6-7-nji awgustynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda uly dabaraly ýagdaýda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň Halkara sergisi geçirildi.  

     Sergi iki gün dowam edip, onda Merkezi Aziýa ýurtlarynda öndürilen önümlere we hyzmatlara bagyşlanan 49 sany sergi stendleri görkezildi. Şolardan 40 sanysy Türkmenistanyň dürli pudaklaryna we kompaniýalaryna, Merkezi Aziýa sebitiniň dört ýurdunyň her biri üçin bir milli pawilion degişli boldy. Özbegistan Respublikasy tarapyndan bolsa goşmaça bäş sany milli kompaniýanyň stendi hödürlendi we jemi 250-den gowrak eksponent sergä gatnaşdy.

     Halkara serginiň açylyş gününde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlary, ýagny Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.

     Serginiň dowamynda sergä gatnaşyjy Merkezi Aziýa döwletleriniň önüm öndüriji pudaklary bilen özara hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikler geçirilip maglumatlar paýlaşyldy.

     Baştutanlaryň duşuşyklarynyň barşynda Täjigistanyň Prezidenti Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Ýolagçy-parom we Konteýner terminallaryna aýlanyp gördi. Ýolagçy-parom terminaly bir wagtyň özünde dört sany Ro-Ro we Ro-Pax görnüşli gämileri kabul edip, 800 ýolagça hyzmat edip bilýär. Terminalyň ýyllyk geçirijilik ukyby bolsa 300 müň ýolagçy we 75 müň awtoulag bolup durýar. Terminalyň içinde VIP we CIP zallary, kafe we restoranlar we dürli dynç alyş merkezleri ýerleşdirilendir. Onuň çäginde ýolagçylaryň rahat dynç almaklary üçin 50 orunlyk myhmana hem ornaşdyrylandyr. Konteýner terminaly bolsa bir wagtyň özünde üç sany kontýenerleri daşaýjy gämileri kabul etmäge we ýylda 400 müň sany konteýnerleri geçirmäge ukyplydyr. Terminalyň çäginde “Leibherr” kompaniýasynyň döwrebap tehnikalary we kranlary bilen üpjün edilip dokuz müňden köp konteýner saklamak üçin meýdança niýetlenendir.

     Täjigistanyň Prezidenti portuň çäginde aýlanyp, portuň gurluşy, üpjün edilişi we alnyp barylýan işleri barada diňe häzirki wagt üçin däl-de, eýsem, geljekde hem Türkmenbaşy portuň Hazarýaka kenarynda Ýewropa bilen Aziýa aralygynda ýük daşamaklyga hyzmat etmeklikde altyn halka bolup durýanlygyny belläp geçdi.

     Portda geçirilen Halkara sergi we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa pudagynyň mümkinçiliklerini artdyrmaga, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky ýük daşamaklygy ösdürmäge we üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegine uly ähmiýete eýedir. Bu bolsa ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümleriniň eksporta gönükdirilmegine we telekeçileriň we senagatçylaryň söwda we ykdysady taýdan ösmegine we ýurdumyzyň hyzmatdaşlyk we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösüşiň täze derejesine çykmagyna ýardam bermekde wajyp işleriň biri bolup durýar.

     Şunuň ýaly Halkara sergileriň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çäginde geçirilmegi ulag we komunikasiýa toplumy üçin uly ähmiýete eýedir.

Bularada serediň


     2021-nji ýylyň 21-22-nji sent&yac...

Dowamy...

   2021-nji ýylyň awgust aýynyň 30-3...

Dowamy...

          2021-nji ýylyň 2-4...

Dowamy...

    2021-nji ýylyň 12-nji aprelinda “...

Dowamy...

  2021-nji ýylyň 8-9-njy aprelinde Aşgabat ş&aum...

Dowamy...
Icon