“Türkmendeňizderýaýollary” Agentliginiň Ýolbaşçylary Bilen Yslam Ösüş Bankynyň Wekilleriniň Arasynda Wideoaragatnaşyk Ar

“Türkmendeňizderýaýollary” Agentliginiň Ýolbaşçylary Bilen Yslam Ösüş Bankynyň Wekilleriniň Arasynda Wideoaragatnaşyk Ar

  2021-nji ýylyň 16-njy awgustynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen Yslam Ösüş Bankynyň wekilleriniň arasynda porty dolandyrmak we işletmek boýunça tejribe alyşmak babatynda hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça wideoaragatnaşyk arkaly gepleşik geçirildi.

     “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi tarapyndan “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ýolbaşçylary we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýolbaşçylary bolup, ýygnagyň esasy maksady bolan porty dolandyrmak we işletmek boýunça tejribe alyşmak babatynda hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

     Gepleşigiň barşynda Yslam Ösüş bankynyň wekilleri özara hyzmatdaşlygy has hem pugtalandyrmak, mundan beýläk hem dostlukly-doganlykly gatnaşyklary dowam etmek bilen bir hatarda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda porty dolandyrmak we işletmek babatynda tejribe alşyldy.

     Ýygnaga gatnaşan kärdeşlerimiz hem öz gezeginde häzirki wagtda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň güýçli depginde işlemegini dowam edýänligini, ýükleme/düşürme işleriniň gije-gündiziň dowamynda alnyp barylýanlygyny, dürli ýükleriň, ýagny import, eksport we üstaşyr ýükleriniň dürli ugurlarda ugradylyp/kabul edilýänligini, müşderileriň has hem oňaýly şertlerde ýüklerini ugradyp/kabul etmekleri üçin ähli şertleriň döredilýänligi belläp geçdiler.

     Duşuşygyň netijesinde taraplar paýlaşan ikitaraplaýyn bähbitli tejribeleri üçin minnetdarlyk bildirip, şeýle duşuşyklaryň ýene-de gurnalyp durmaklygyna isleg bildirdiler.

Bularada serediň


     2021-nji ýylyň 21-22-nji sent&yac...

Dowamy...

     2021-nji ýylyň 6-7-nji awgustynda...

Dowamy...

   2021-nji ýylyň awgust aýynyň 30-3...

Dowamy...

          2021-nji ýylyň 2-4...

Dowamy...

    2021-nji ýylyň 12-nji aprelinda “...

Dowamy...

  2021-nji ýylyň 8-9-njy aprelinde Aşgabat ş&aum...

Dowamy...
Icon