2020-nji ýylyň sentýabr aýynyň 04-ne ÝHHG guramasynyň Aşgabatdaky wekilhanasynyň gurnan ulag ulgamlary dolandyrmak, üstaşyr geçelgeleri durnuklylygyny berkitmek, logistika mümkinçilikleri ösdürmek babatda ÝHHG bilen geljekki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlemek boýunça geçirilen duşuşyga ýurdumyzyň degişli edaralary bilen birlikde “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleri hem gatnaşdy. Geçirilen duşuşygyň esasy maksady ÝHHG guramasynyň 2020-nji ýylyň 22-23-nji sentýabry aralygynda geçiriljek iki günlik okuw maslahatda ara alnyp maslahatlaşyljak meseleleri kesgitlemek bolup durýandygy bellenildi. Duşuşygyň başynda ýurdumuzyň degişli edaralarynyň wekilleri ýurdumyzyň ulag pudagyny ösdürmekde alyp barýan işleri barada gürrüň berdiler. Soňra, duşuşygyň barşynda çärä gatnaşyjy halkara bilermenleri ulag ulgamyny dolandyrmak, üstaşyr geçelgeleri durnuklylygyny berkitmek, logistika mümkinçilikleri ösdürmek barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler. Şeýle-de, duşuşygyň barşynda türkmen tarapy özlerini gyzyklandyrýan, ýagny ulag pudagynyň işini sanly ulgama geçirmek, “ýeke penjire” ulgamyny ornaşdyrmak, hazarýaka portlarynyň arasynda maglumat alyşmak, portyň terminallaryny hususy taraplara wagtlaýyn ulanmaga bermek ýaly meselelerde bilermenleriň pikirleri bilen gyzyklandylar. Duşuşygyň ahyrynda, duşuşykda gozgalan meseleleriň esasynda ÝHHG guramasy tarapyndan geçirilmegi meýilleşdirilýän okuw maslahatynyň gün tertibiniň deslapky taslamasy kabul edildi.