Ýolagçy parom terminaly

Ýolagçy parom terminaly

Ýolagçy parom terminaly

ulag-geç  parom  ulag  ýolagçy  gämi-duralga       

      Ýolagçy parom terminalynyň umumy meýdany 230 müň inedördül metre barabar bolup, agramy 5000DWT bolan dört gämini şol bir wagtyň özünde gämi duralgasyna kabul edip bilýär. Ýylda 300 müň ýolagça we 75 müň tirkege hyzmat etmeklik mümkinçiligi bar.

      Gök asmanyň astynda özboluşly arhitekturasy bilen reňkli aýnaly we altyn bezegli ýolagçy terminalynyň edara binasy ähli öwüşgini bilen gatnaýan ýolagçylara hyzmat edýär. Terminal 800 ýolagçy üçin niýetlenendir. Häzirki zaman derejesinde bu ýerde iň täze enjamlar bilen gümrük we pasport gözegçiligi, CIP we VIP otaglary döredilendir. Şeýle hem porta gelýän/gidýän ýolagçylaryň we gämileriň ekipažlarynyň dynç alyp biljek myhmanhanasy bar. Gezelenç we dynç alyş üçin ajaýyp seýilgäh bar. Şeýle hem müşderileriň rahat dynç almaklary, naharlanmalary we medeniýetli wagt geçirmeklikleri üçin terminalyň çäginde bilýard otagy, çagalar otagy, internet kafesi, barlar we restoranlar hem bar. 

 

Howa şertleriniň durnukly ýagdaýynda ýükleriň ýükleme-düşürme hyzmatlary (doly amal) üçin sarp edilýän wagty.

       Ýolagçy-parom terminaly:

* Awotulagyň gämiden düşürilmesi – 6,5 minut

Bellik: Dizenfeksiýa işleri ýerine ýetirilen ýagdaydaky wagt.

* Awtoulagyň gämä ýüklenmesi – 6,5 minut

 

     

     

Bularada serediň


     Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ...

Dowamy...

Portuň kömekçi flotunyň gämileri:  &n...

Dowamy...

       Hormatly Prezidentimiziň sebitara...

Dowamy...

             T...

Dowamy...

             H...

Dowamy...

             Umumy &yacu...

Dowamy...
Icon