“Türkmenistan — Parahatçylygyň We Ynanyşmagyň Watany” Ýylynda Türkmenbaşy Halkara Deňiz Porty Häzirki Zaman Üstaşyr Merk

“Türkmenistan — Parahatçylygyň We Ynanyşmagyň Watany” Ýylynda Türkmenbaşy Halkara Deňiz Porty Häzirki Zaman Üstaşyr Merk

     Türkmenbaşy Halkara deňiz porty häzirki zaman üstaşyr merkezi bolup çykyş etmek bilen Aziýa-Ýewropa ugurlary boýunça üstaşyr ýük geçirmekde tutýan orny uludan bellenilip geçilýär. Hazarýaka portlary bilen ulag-komunikasiýa pudagynda özara hyzmatdaşlygy giňeltmekde, ýük gatnawlarynyň artmagy üçin amatly şertleriň döredilmeginde, şeýle-hem, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň infrastrukturasyny netijeli ullanmakda giňden işler alnyp barylýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda alnyp barylýan işleri, döredilýän mümkünçilikleri we gazanylan netijeleri, şeýle hem öňde goýulan maksatlary barada has giň platformalarda mahabatlandyrmak we dünýä ýaýmak maksady bilen geçirilýan mahabatlandyryş işleriniň netijesi esasynda Russiýa Federasiýasynyň «Мир 24» teleýaýlymy bilen wideo ýazgylary we söhbetdeşlikleri gurnaldy. Gurnalan mahabatlandyryş işleriniň netijesinde «Мир 24» teleýaýlymynyň habarçysy Igor Masunow şeýle habar berýär. “Türkmenistan üçin Hazar deňzi ykdysady ösüşiň iň möhüm bölegidir. Bir bölegi deňziň boýnunda hereket edýän “Lazurit geçelgesi” - bu ýurduň Azerbaýjan, Owganystan, Gruziýa we Türkiýe tarapyndan bilelikde döredýän uly göwrümli ulag we logistika taslamasy bolup durýar. Bu geçelge Aziýa bilen Ýewropany birleşdirer. Türkmenbaşy porty bu taslamada aýratyn orny eýeleýär. Türkmenistanda porta uly umytlar bar. Döwlet ýolbaşçylary bu desganyň kömegi bilen ýurdy sebitiň eksport-import logistika ulgamynda öňdebaryjy orna çykaryp bilerler diýip garaşýarlar”. Ýurdumyz Hazar sebitiniň logistika ulgamynda öňdäki orunlaryň birini alynmaklygy maksat edinýär. Bu maksady ýola goýmaklykda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty multimodal üstaşyr ulag geçelgesiniň esasy künjegi hasaplanylýar.

Bularada serediň


     2021-nji ýylyň 21-22-nji sent&yac...

Dowamy...

     2021-nji ýylyň 6-7-nji awgustynda...

Dowamy...

   2021-nji ýylyň awgust aýynyň 30-3...

Dowamy...

          2021-nji ýylyň 2-4...

Dowamy...

    2021-nji ýylyň 12-nji aprelinda “...

Dowamy...
Icon