2020-nji ýylyň 20-nji noýabrynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň edara binasynda deňiz ulag ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alyp maslahatlaşmak babatynda, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we “Deňiz söwda floty” ÝGPJ-niň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplaryň arasynda Halkara ulag geçelgeleriniň rus we türkmen böleklerinde ýük daşamagyň ösmegi üçin amatly şertleri döretmek üçin Russiýa bilen Türkmenistanyň ulag pudak edaralarynyň arasynda özara gatnaşyklary guramak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Mahaçkala porty bilen Türkmenbaşy portunyň arasynda parom gatnawyny ýola goýmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu boýunça rus tarapy iki portuň mümkinçilikleri we kuwwatlyklary barada seljerme geçirmek zerur bolup durýandygyny belledi. Bu teklibi türkmen tarapy goldap, Türkmenbaşy porty boýunça maglumatlary hat üsti bilen diplomatik ýollar arkaly ýollamaga taýýardyklary barada habar berdi.