"Türkmendeňizderýaýollary" Agentliginde ÝHHG-Niň Wideoaragatnaşyk Arkaly Geçiren Okuw Maslahaty

     2020-nji ýylyň 21-23-nji oktýabrynda ÝHHG-niň Türkmenistandaky Merkeziniň Logistik merkezini döretmek arkaly demirýol we awtoulaglary bilen üstaşyr daşalýan ýükleriň serhetlerden geçişiniň amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahaty "Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň edara binasynyň mejlisler zalynda geçirildi. Duşuşygyň esasy maksady Ulag-üstaşyr geçelgeleri Bitewi logistik merkezleriniň üsti bilen dolandyrmak meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolup, bu maslahata türkmen tarapyndan “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň, Halkara gatnaşyklar we logistika bölüminiň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Marketing we halkara gatnaşyklar bölüminiň, şeýle hem “Deňiz söwda floty” ÝGPJ-niň Kommersiýa we marketing bölüminiň wekilleri gatnaşdylar. ÝHHG tarapyndan bolsa, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň başlygy hanym Natalýa Drozd, Halkara awtoulag birleşmesiniň maslahatçysy jenap Aleksandr Zaboýew, PMCG konsalting kompaniýasynyň gümrük soraglary we amallary ýeňilleşdirmek boýunça bilermeni jenap Bondo Bolkwadze, Halkara awtoulaglar birleşmesiniň (IRU) ulag-logistika meseleleri boýunça bilermeni jenap Wadim Zaharenko gatnaşdylar. Duşuşyk üç günüň dowamynda geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ulag-üstaşyr geçelgeleri Bitewi logistik merkezleriniň üsti bilen dolandyrmak meselesi babatynda Türkmenistanyň tutýan orny, ulag geçelgeleriniň daşary ýurt tejribesiniň esasynda umumy bir logistiki merkezini döretmekliginiň oňaýly taraplary babatynda halkara bilermenler öz pikirlerini giňişleýin beýan etdiler. Mundan başga-da ulag geçelgeleriniň Merkezi Aziýa sebitindäki logistikanyň altyn halkasy hasaplanylýan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri we gazanan üstünlikleri barada hem bellenip geçildi.

Bularada serediň


     2021-nji ýylyň 21-22-nji sent&yac...

Dowamy...

     2021-nji ýylyň 6-7-nji awgustynda...

Dowamy...

   2021-nji ýylyň awgust aýynyň 30-3...

Dowamy...

          2021-nji ýylyň 2-4...

Dowamy...

    2021-nji ýylyň 12-nji aprelinda “...

Dowamy...
Icon