ÝHHG-Niň “Sanly Ýol” We “Ýaşyl Portlar” Iş Toparynyň Nobatdaky Wideoaragatnaşyk Arkaly Geçirilen Maslahaty

ÝHHG-Niň “Sanly Ýol” We “Ýaşyl Portlar” Iş Toparynyň Nobatdaky Wideoaragatnaşyk Arkaly Geçirilen Maslahaty

     2020-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Konteýner terminalynyň edara binasynda Hazarýaka portlarynyň arasynda baglanşygy berkitmek, maglumat we tejribe alyşmak babatynda ÝHHG-niň “Sanly ýol” we “Ýaşyl portlar” iş topary bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleri, şeýle ÝHHG-nyň ýolbaşçylar we hünärmenler düzümi gatnaşdylar. Duşuşygyň netijesinde, oňa gatnaşyjy halkara bilermenler tarapyndan “ýeke penjire” ulgamynyň durmuşa geçirilişi barada, dünýäniň ösen portlarynyň biri bolan Rotterdam porty barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle-de, duşuşykda ekologiýa taýdan arassa ýangyçlary ulanmagyň ähmiýeti barada gürrüň berildi. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjy wekiller öz wekilçilik edýän portlary barada tanyşdyryş prezentasiýasy arkaly gürrüň berdiler.

Bularada serediň


     2021-nji ýylyň 21-22-nji sent&yac...

Dowamy...

     2021-nji ýylyň 6-7-nji awgustynda...

Dowamy...

   2021-nji ýylyň awgust aýynyň 30-3...

Dowamy...

          2021-nji ýylyň 2-4...

Dowamy...

    2021-nji ýylyň 12-nji aprelinda “...

Dowamy...
Icon