Üçtaraplaýyn Hyzmatdaşlygynyň Ýol Kartasynyň Ulag We Logistika Ugruny Jemlemek.

Üçtaraplaýyn Hyzmatdaşlygynyň Ýol Kartasynyň Ulag We Logistika Ugruny Jemlemek.

  2020-nji ýylyň awgust aýynyň 27-ne “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň edara binasynda, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ýolbaşçylary we Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň wekilleri, şeýle hem, Azerbaýjanyň we Owganystanyň dürli edaralarynyň we kärhanalarynyň ýolbaşçylary arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Geçirilen duşuşugyň barşynda taraplar Lapis-Lazuli geçelgesini işjeňleşdirmek maksady bilen, bu ugurda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ýol kartasynyň ulag we logistika ugry boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, bu geçelge boýunça ýük daşamakda her tarap özüniň ýeke-täk operatory bellemek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda azerbaýjan tarapyndan ýeke-täk operatoryny bellemek babatynda degişli işleriň alnyp barylýanlygy barada habar berildi. Türkmen tarapy bu ugurda häzirki wagtda hereket edýän TULM paýdarlar jemgyýeti tarapyndan degişli işleriň alnyp baryljaklygy barada habar berildi. Owganystan hem öz gezeginde bu ugurda häzirki wagtda operatoryň ýoklugy barada habar berildi, emma ýük daşamak boýunça nyrhnama syýasatyny Ulag Ministrligi hem-de Demirýol Ministrligi tarapyndan alnyp barylýanlygy barada maglumat berdi. Duşuşygyň barşynda, owgan tarapy Lapis-Lazuli geçelgesini mahabatlandyrmak maksady bilen, Lapis-Lazuli gününi bellemekligi teklip etdi we bu teklip ýygnaga gatnaşyjylar tarapyndan goldandy. Şeýle-de, türkmen tarapy owgan tarapyndan Akina we Turgundy serhet geçelgelerinden ýük geçende alynýan ýygymlaryň möçberiniň azaldylmak mümkinçiligi barada gyzyklandy. Mundan başga hem, Lapis-Lazuli geçelgesinde ýük akymyny artdyrmak boýunça anyk ädimleriň kesgitlenmegi üçin 2020-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyrynda Owganystan, Türkmenistan, Azerbaýjandan, Gruziýa we Türkýäniň gatnaşmagynda duşuşyk gurnalmagy barada ylalaşyga gelindi. Mundan başga-da, ýol kartasynyň bentleri boýunça taraplar öz belliklerini we tekliplerini beýan etdiler. Duşuşugyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň ýol kartasyna girizilen bellikleri göz öňünde tutup jemläp, bu boýunça indiki duşuşugy sentýabr aýynyň ahyryna geçirilmegi barada netijä geldiler.

Bularada serediň


     2021-nji ýylyň 21-22-nji sent&yac...

Dowamy...

     2021-nji ýylyň 6-7-nji awgustynda...

Dowamy...

   2021-nji ýylyň awgust aýynyň 30-3...

Dowamy...

          2021-nji ýylyň 2-4...

Dowamy...

    2021-nji ýylyň 12-nji aprelinda “...

Dowamy...
Icon