“Türkmendeňizderýaýollary” Agentligini Bilen “DP World” Kompaniýasy Arasynda Geçirilen Wideoaragatnaşyk Arkaly Duşuşyk

“Türkmendeňizderýaýollary” Agentligini Bilen “DP World” Kompaniýasy Arasynda Geçirilen Wideoaragatnaşyk Arkaly Duşuşyk

     2020-nji ýylyň 15-nji iýulynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň edara binasynda “DP World” kompaniýasy bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we “Deňiz söwda floty” ÝGPJ-niň ýolbaşçylar düzümi, şeýle hem, “DP World” kompaniýasynyň we “JAFZA” (Jebel Ali Free Zone)-nyň wekilleri gatnaşdy. Geçirilen duşuşugyň dowamynda Birleşen Arap Emirliginiň “DP World” kompaniýasy bilen “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny netijeli ulanmak, bilelikde dolandyrmak, hem-de bilelikde ulag-logistika kompaniýasyny döretmek mümkinçiliklerine seredildi. Mundan başga-da, “DP World” kompaniýasy tarapyndan ýük gatnatmak üçin Hytaý-Gazagystan-Russiýa-Ýewropa halkasyny döredendiklerini belläp, Türkmenistanyň hem bu halka goşulmagyny maksadalaýyk hasaplaýandyklary beýan edildi. Şeýle-de, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüň berildi we “DP World” kompaniýasynyň baý tejribesini nazara almak bilen, portda ulag-logistikany ösdürmekde bar bolan anyk teklipleriň hödürlenmegi soraldy. Mundan başgada portuň bar bolan terminallaryny bilelikde iki taraplaýyn bähbitli şertlerde dolandyrmak mümkinçiligine seredilmegine Agentlik tarapyndan teklip edildi. Şeýle hem, kompaniýa tarapyndan “JAFZA” (Jebel Ali Free Zone) gury porty barada giňişleýin tanyşdyryldy we türkmen hususy kompaniýalar tarapyndan portyň çäginde ýeri kärendä almak mümkinçiliginiň barlygyny habar berildi.

Bularada serediň


     2021-nji ýylyň 21-22-nji sent&yac...

Dowamy...

     2021-nji ýylyň 6-7-nji awgustynda...

Dowamy...

   2021-nji ýylyň awgust aýynyň 30-3...

Dowamy...

          2021-nji ýylyň 2-4...

Dowamy...

    2021-nji ýylyň 12-nji aprelinda “...

Dowamy...
Icon