2020-nji ýylyň 26-njy iýuny “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň edara binasynda geçirilen, “Parom gatnawyny ýola goýmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak” babatynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ýolbaşçylar düzümi, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýolbaşçylary, “Deňiz söwda floty” ÝGPJ-niň ýolbaşçylary we Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Konsuly gatnaşdylar. Russiýa Federasiýasynyň wekillerinden Astrahan welaýatynyň Senagat we tebigy baýlyklar ministri we ministrligiň wekilleri, Astrahan welaýatynyň Halkara gatnaşyklar gullugynyň başlygy, wekilleri we “Olýa” Deňiz söwda floty” PJ-niň baş direktory gatnaşdy. Taraplar duşuşygyň barşynda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Russiýa Federasiýasynyň Olýa portunyň arasynda parom gatnawyny ýola goýmak baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýlede, bu ugurda parom gatnawyny ýola goýmak bilen iki portuň arasynda gämi girişleri üçin alynýan nyrhlaryň deň derejä getirilmegi we olara indirim bermek mümkinçiligi maslahatlaşyldy. Iki portlaryň arasynda parom gatnawyň ýola goýulmagy döwlet derejesinde wajyp ugurlaryň biri bolup durýanlygy bellenildi.