Hazar Deňzinde Sanly Ulgamy Ýola Goýmak Boýunça Duşuşyk

Hazar Deňzinde Sanly Ulgamy Ýola Goýmak Boýunça Duşuşyk

      2020-nji ýylyň 19-njy iýuny, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň edara binasynda, ÝHHG-nyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle-de, Hazar deňzinde sanly ulgamy ýola goýmak boýunça gepleşikleri geçirmek babatynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan: Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýolbaşçylar düzümi, “Deňiz söwda floty” ÝGPJ-niň wekilleri we “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ýolbaşçylar düzümi we ÝHHG tarapyndan: Wuk Žugiç – ÝHHG-nyň ykdysady we daşky gurşaw boýunça utgaşdyryjysy; Daniel Kroos – ÝHHG-nyň Energetika howpsuzlygy boýunça uly programma işgäri; Kristian Şnaýder – BSG maslahat beriji kompaniýasynyň geňeşiň we hyzmatdaş agzasy we Tomas Kargl – Awstraliýanyň Federal demirýollary geňeşiniň agzalary gatnaşdylar. Duşuşygyň netijesinde bu sanly ulgamyň döredilmegi netijesinde Hazarýaka döwletleriniň portlarynyň arasynda ýük akymyny artdyrmakda öz oňaýly täsirini ýetirjekligi we bu taslamanyň durmuşa geçirilmegini goldap, onuň maksadalaýyk boljaklygy nygtalyp geçildi.

Bularada serediň


     2021-nji ýylyň 21-22-nji sent&yac...

Dowamy...

     2021-nji ýylyň 6-7-nji awgustynda...

Dowamy...

   2021-nji ýylyň awgust aýynyň 30-3...

Dowamy...

          2021-nji ýylyň 2-4...

Dowamy...

    2021-nji ýylyň 12-nji aprelinda “...

Dowamy...
Icon