2021-nji ýylyň mart aýynyň 30-na “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň edara binasynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň ulag we aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça duşuşygynyň «Ýol kartasynda» görkezilen wezipeleri ýerine ýetirmek bilen bagly duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar 2021-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda gol çekilen Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň ulag we aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça duşuşygynyň «Ýol kartasynda» görkezilen wezipeler ara alyp maslahatlaşdy.
Ilkinji nobatda, Lapis-Lazuli halkara ulag geçelgesini giňeltmek üçin anyk maksatlary kesgitlemek we bu maksatlara ýetmek üçin edilmeli çäreleri kesgitlemek boýunça Ylalaşyga gatnaşýan ýurtlaryň degişli edaralarynyň gatnaşmagynda ulag we logistika bölüminde göz öňünde tutulan maslahat Geňeşini döretmek meselesine seredildi.
Soňra bolsa, ulag geçelgesine gatnaşýan ýurtlaryň çäginde durnukly ýük akymyny we netijeli ulag gatnawyny emele getirmek üçin bilelikdäki hereketleriň sazlaşygyny üpjün etmek maksady bilen ýeke-täk logistika merkezini döretmek mümkinçiligi öwrenildi.
Şunuň bilen baglylykda Azerbaýjan we Türkmen tarapyndan yeke-täk logistika merkezi döredilendigi agzalyp geçildi, we Owgan tarapyndan hem döredilmegi boýunça işleriň alnyp barylmagyna teklip berildi.
Soňra bolsa, taraplaryň ulag we logistika operatorlary üçin ulag çykdajylaryň azalmagyny gazanmak hem-de Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň portlarynda gamilerde ýükleme-düşürme hyzmatlarynyň tiz wagtda ýerine ýetirilmegi we iki döwletiň portalarynyň arasynda deňlik esasynda port töleglerini kadalaşdyrmak boýunça gürrüň edildi.
Şunuň esasynda hem, iki döwletiň portlarynyň arasynda ýükleme-düşürme hyzmatlarynyň sarp edilýan wagty we Lapis-Lazuli ugry boýunça gatnadylýan ýükler boýunça port tarapyndan berilýän ýeňillikler agzalyp geçildi.
Duşuşygyň soňunda, Baku Halkara deňiz söwda portunyň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, Owganystan Yslam Respublikasyndan Ýewropa we yzyna Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň üsti bilen iberilýän ýükleriň ugry boýunça “Bir penjre” ulgamyny girizilmek we Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan ulag geçelgesiniň sanly atlasyny döretmeklik boýunça meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.