2020-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň edara binasynda söwda işini ýönekeýleşdirmekde gümrük, «bir penjire», bäsdeşligi ösdürmek, eksporty goldamak ugurlarynda kompaniýanyň hödürleýän hyzmatlaryny ara alyp maslahatlaşmak babatynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň “Crown Agents” kompaniýasy bilen “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Geçirilen duşuşyga türkmen tarapyndan “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň we “Deňiz söwda floty” ÝGPJ-niň wekilleri, şeýle hem «Crown Agents» kompaniýasynyň bilermenleri gatnaşdylar. Duşuşygyň başynda britan kompaniýasy öz alyp barýan işi bilen giňişleýin tanyşdyrdy. Ýagny, bu kompaniýa dünýäniň dürli künjeginde söwdany ýeňilleşdirmek, gümrük ammallaryny ýönekeýleşdirmek, “ýeke penjire” ulgamyny ornaşdyrmak ýaly meselelerde döwlet we hususy taraplara uzak ýyllaryň dowamynda toplan tejribeleriniň esasynda maslahat berýändikleri barada habar berildi. Türkmen tarapy Türkmenistanyň ýaňy ýakynda Bütindünýä Söwda Guramasyna synçy hökmünde agzalyga kabul edilendigini belläp, bu guramanyň çäklerinde ýurdumyzyň strategiýasyny düzmek boýunça işlerde hyzmatdaşlyga isleg bildirdi. Porty ösdürmek we portuň işini kämilleşdirmek boýunça aýtmak bilen bu ugurda afrika ýurtlarynyň birnäçe portlarynda işleriň alnyp barylandygy habar berildi.