Türkmenistan Bilen Gazagystan Respublikasynyň Arasyndaky Ikitaraplaýyn Eksport-Import Dolanşygynyň Ösdürilmeginiň Mümkin

Türkmenistan Bilen Gazagystan Respublikasynyň Arasyndaky Ikitaraplaýyn Eksport-Import Dolanşygynyň Ösdürilmeginiň Mümkin

     2020-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň edara binasynda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Gazagystan Respublikasynyň telekeçileriniň birleşmesiniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýolbaşçylary, şeýle hem, Gazagystan Respublikasynyň telekeçileri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda gazak tarapyna Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen mahabat-prezentasiýasy arkaly tanyşdyryldy. Gazagystanyň işewürleri öz kompaniýalary bilen tanyşdyryp, döwlet we sebit ähmiýetli taslamalara gatnaşmaga taýýardyklaryny bellediler. Şeýle-de, iki ýurdyň portlarynyň arasynda ýük dolanşygyny artdyrmak boýunça maslahat edildi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy iki ýurdyň arasynda import-eksportyň möçberini artdyrmak, daşalýan ýükleriň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň sanawyny giňeltmegiň hasabyna ösdürmegiň zerurdygyny goldadylar.

Посмотри на эти


     2021-nji ýylyň 21-22-nji sent&yac...

Продолжение...

     2021-nji ýylyň 6-7-nji awgustynda...

Продолжение...

   2021-nji ýylyň awgust aýynyň 30-3...

Продолжение...

          2021-nji ýylyň 2-4...

Продолжение...

    2021-nji ýylyň 12-nji aprelinda “...

Продолжение...
Icon