“Türkmendeňizderýaýollary” Agentligi We Rumyniýanyň “Chimpex S.A Constanta” Kompaniýasynyň Arasynda Sanly Wideoaragatnaş

“Türkmendeňizderýaýollary” Agentligi We Rumyniýanyň “Chimpex S.A Constanta” Kompaniýasynyň Arasynda Sanly Wideoaragatnaş

2020-nji ýylyň 28-nji iýulynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň edara binasynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi we Rumyniýanyň “Chimpex S.A Constanta” kompaniýasynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň maksady taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak bolup, bu gepleşige “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we “Deňiz söwda floty” ÝGPJ-niň ýolbaşçylar düzümi, şeýle hem, Chimpex S.A Constanta” kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdy. Duşuşugyň barşynda rumyn kompaniýasy öz alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berdi. Ýagny, bu kompaniýa tarapyndan Rumyniýanyň “Konstanza” portunda belli bir çägi kärende almak bilen, ol ýerde galla önümleri we beýleki dürli ürgün ýükleri saklamakda hem-de olary müsderilere ýollamakda amallary gurnaýandyklary barada habar berildi. Türkmen tarapy öz gezeginde Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen tanyşdyryp, häzirki wagtda portuň üsti bilen, esasan hem Baku ugry boýunça, türkmen logistika kompaniýalary tarapyndan ýükleriň gatnadylýandygy mälim etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ähli mümkinçiliklerinden peýdalanyp iki taraplaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaklyga taýýarlygy habar berildi.

Посмотри на эти


     2021-nji ýylyň 21-22-nji sent&yac...

Продолжение...

     2021-nji ýylyň 6-7-nji awgustynda...

Продолжение...

   2021-nji ýylyň awgust aýynyň 30-3...

Продолжение...

          2021-nji ýylyň 2-4...

Продолжение...

    2021-nji ýylyň 12-nji aprelinda “...

Продолжение...
Icon