Türkmenistanyň Hem-De Rumyniýanyň Döwlet We Hususy Edaralarynyň Arasynda Geçirilen Sanly Wideoaragatnaşyk Arkaly Duşuşyk

Türkmenistanyň Hem-De Rumyniýanyň Döwlet We Hususy Edaralarynyň Arasynda Geçirilen Sanly Wideoaragatnaşyk Arkaly Duşuşyk

     2020-nji ýylyň 15-nji iýulynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň edara binasynda, Türkmenistanyň hem-de Rumyniýanyň döwlet we hususy edaralarynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda, “Hazar deňzi - Gara deňzi” halkara üstaşyr geçelgesini işjeňleşdirmek, bu ugurda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak meseleleri öňe sürüldi. Wideoaragatnaşyk duşuşyga türkmen tarapyndan, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ýolbaşçylary, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň we “Deňiz söwda floty” ÝGPJ-niň ýolbaşçylar düzümi gatnaşdy. Rumyniýa döwleti tarapyndan bolsa, “Konstansa şäheriniň deňiz portlarynyň administrasiýasy” milli kompaniýasynyň, Rumyniýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň, ulag,infrastruktura we gurluşyk ministrliginiň, “CFR MARFA SA” döwlet demirýollary kompaniýasynyň we Konstansa şäheriniň işewürlik assosiasiýasynyň wekilleri we ýolbaşçylar düzümi gatnaşdy. Geçirilen duşuşugyň dowamynda Rumyniýa Respublikasynyň döwlet edaralarynyň, Konstansa portunyň ýolbaşçylarynyň we “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleriniň, “Türkmendemirýollary” agentliginiň wekilleriniň, “Türkmenawtoýollary” agentliginiň wekilleriniň arasynda “Hazar deňzi - Gara deňzi” halkara üstaşyr geçelgesini işjeňleşdirmek, bu ugurda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyldy. Taraplar ilki bilen “Hazar deňzi - Gara deňzi” halkara üstaşyr geçelgesi üçin Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň we Konstansa portynyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşýändiklerini bellemek bilen, hem-de häzirki wagtda portlaryň dürli görnüşli ýükleri kabul etmek üçin döwrebap enjamlar bilen enjemlaşdyrylandygy beýan edildi. Soňra taraplar duşuşygyň gün tertibine geçmek bilen bu üstaşyr geçelgäniň ugry boýunça meseler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýagny, geçelge boýunça daşaljak ýükler hem-de ulanyljak ulagyň görnüşleri barada taraplar maglumat alyşdylar. Häzirki wagtda hereket edýän Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň döwrebap maddy tehniki binýadyny göz öňünde tutmak bilen, bu halkara geçelgeden geçjek ýüklere doly hyzmat bermeklige taýýarlygy barada Agentlik tarapyndan mälim edildi.

Посмотри на эти


     2021-nji ýylyň 21-22-nji sent&yac...

Продолжение...

     2021-nji ýylyň 6-7-nji awgustynda...

Продолжение...

   2021-nji ýylyň awgust aýynyň 30-3...

Продолжение...

          2021-nji ýylyň 2-4...

Продолжение...

    2021-nji ýylyň 12-nji aprelinda “...

Продолжение...
Icon